30.10.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň ugurlary bellenildi
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň ugurlary bellenildi
16.10.2020 75 Habarlar

15-nji oktýabrda «Merkezi Aziýa + Russiýa» derejesinde daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça birnäçe derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.