21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Russiýa
Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk
boýunça geçirilen mejlise gatnaşdylar. Onlaýnduşuşygyň barşynda dürli ugurlarda
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, şeýle hem sebit we
halkara meseleleriň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň çäklerinde MA5+Russiýa görnüşinde
geçiriljek üçünji ministrler derejesindäki duşuşygyň gün tertibi boýunça pikir
alşyldy. COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda, dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýa
aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna
we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça ylalaşylan hereketleriň möhümdigi
bellenildi.
Onlaýn
duşuşygyň barşynda türkmen tarapy sebitde durnuklylyk we howpsuzlyk, uly
mümkinçiliklere eýe bolan syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri
boýunça pikirleri yzygiderli alyşmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtlaryň we sebitleriň
arasyndaky üstaşyr-ulag gatnawlaryny tiz wagtda we doly dikeltmegiň, täze
ugurlary tapmagyň hem-de ylmy diplomatiýanyň netijeli usullaryny peýdalanmagyň
zerurdygy baradaky öňe süren başlangyçlary beýan edildi.