9-njy iýunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy
G.Tsereteli bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaşmalary geçirildi.
Onlaýn-sessiýada türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň
orunbasary wekilçilik etdi.
Mejlisde sebit meseleleri boýunça giňişleýin
ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
parlamentariýleri ÝHHG-niň PA-sy bilen maksadalaýyk özarahereketleriň dowam
etdirilmegi boýunça pikirleri alyşdylar.
Web-gepleşikleriň barşynda ÝHHG-niň Parlament
Assambleýasynyň Baş Sekretary R.Montellanyň ÝHHG-niň PA-nyň öňde duran
wezipeleri baradaky täzelenen maglumatlary, şonuň ýaly-da Gazagystanyň,
Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleriniň
ýolbaşçylarynyň ýerli hem-de sebit derejesindäki ykdysady ösüş, kanunçylyk
özgertmeleri, saýlawar ýaly ulgamlarynda alyp barýan işleri, sebitleýin
hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, parlamentariýleriň ÝHHG-niň PA-nyň işine
gatnaşyklarynyň ýygjamlaşdyrylmagy hem-de parlament gatnaşyklary dogrusyndaky
çykyşlary diňlenildi.