milli goshun logo
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygy geçirildi
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygy geçirildi
30.11.2019 669 Habarlar

29-njy noýabrda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşkent şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Birnäçe ýyl mundan öň türkmen tarapy sebit gatnaşyklarynda yzygiderli çemeleşmä geçmek hakynda pikiri öňe sürüp, bu meselä öz konseptual garaýşy bilen tanyşdyrdy. Häzirki şertlerde bu pikir aýratyn derwaýyslyga hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň diňe kontinental däl-de, eýsem, umumydünýä işlerinde eýeleýän ornunyň giňelmegini nazara almak bilen, zerurlyga eýe bolýar.

Günüň birinji ýarymynda milli Liderimiz «Kuksaroý» köşgüne bardy, bu ýer sammitiň geçirilýän ýerine öwrüldi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkende Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew geldiler.

Sammitiň banneriniň hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däbe öwrülen bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň «Kuksaroý» köşgüniň Kiçi mejlisler zalynda ýokary derejedäki bäştaraplaýyn çäkli duşuşygy boldy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew duşuşygy açyp hem-de daşary ýurtly kärdeşlerini mübärekläp, şu sammitiň Merkezi Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygy giňeltmäge, dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy berkitmäge, umumy meseleleri bilelikde çözmäge tüýs ýürekden çalyşýandygyny şöhlelendirýär diýip, onuň jemleriniň sebitdäki köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra Konsultatiw duşuşyga gatnaşyjylar onuň gün tertibine girizilen hem-de syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara meseleleriniň derwaýys ugurlary hem-de sebitde howpsuzlygy üpjün etmek barada pikir alyşdylar.