Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň Medeniýet öýünde «Merdanalygyň
nusgasy siz, zenanlar!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Ýetip gelýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilen çärä ýurdumyzyň dürli
künjeklerinden Watanymyza wepalylyk bilen gulluk edýän zenan harby gullukçylar
gatnaşdylar.
Her ýyl
geçirilmegi däbe öwrülen bu döredijilik bäsleşigi zenan harby gullukçylary
harby borçlaryny yhlas bilen ýerine ýetirmäge we harby kasamyna wepaly bolmaga
ruhlandyrýar. Bäsleşik Watanyň, ene topragyň ykbalyny öz ykbaly bilen pugta
baglan, döredijilige ukyply, zehinli harby zenanlary bir sahna jemledi.
Bäsleşigiň
şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan zenan harby gullukçylar öz hünärleriniň
ähmiýeti, Watanymyza, harby kasama bolan duýgularyny, türkmen halkynyň gadymy
milli we ruhy gymmatlyklary barada çykyş etdiler. Şeýle-de, döredijilik bäsleşigine
gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen gelin-gyzlaryna
goýulýan sarpa barada aýdymdyr goşgulary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň
çäginde oňa gatnaşyjylar sahnada türkmen halkynyň taryhynda taýsyz gahrymançylyk
görkezip, ägirt uly yz goýan belent ykbally zenanlaryň keşplerini janlandyrdylar.
Türkmen gelin-gyzlaryny batyr we mert söweşijiler, öý-ojaklarymyzyň bezegi hökmünde
häsiýetlendirýän dürli sahnalar ýerine ýetirildi. Aşpezlik we el işleri ugry
boýunça guralan jemleýji şertler bolsa, bäsleşigi jemledi.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Şeýlelikde, 1-nji orna borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Gülbahar Gurbanmyradowa, 2-nji orna borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Sähra Halmuhammedowa, 3-nji orunlara kapitan Aýna Haýdarowa we kapitan Laçyn Mejidowa dagylar mynasyp boldular. Ýeňijilere we bäsleşige işjeň gatnaşan zenan harby gullukçylara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigiň suratlaryna «Multimediýa» bölüminde syn edip bilersiňiz!
«Milli goşun».