milli goshun logo
Mekdep durmuşyndan – durmuş mekdebine gadam
Mekdep durmuşyndan – durmuş mekdebine gadam
26.05.2021 3100 Harby Bilim

25-nji maýda Watanymyzyň ähli orta mekdepleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň 11-nji synp harby okuwçylarynyň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy geçirildi. Harby mekdepde boý alan we uçurymlyk sepgidine ýeten harby okuwçylar täze üstünlikleriň bosagasyna geldiler.

«Soňky jaň» dabarasynyň Harby institutynyň nyzam meýdançasynda geçirilmegi juda ýerine düşýär. Sebäbi harby okuwçylar Watanymyzyň asudalygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny gözüniň göreji deýin gorajak milli goşunymyzyň geljekki serkerdeleri bolup ýetişmeli. Dabara mugallymlar, serkerdeler, uçurymlaryň ene-atalary ýygnandylar.

Harby okuwçylar bu dabaraly, şowhunly pursatlara sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. «Soňky jaň» ajaýyp mekdep döwrüniň tamamlanandygyny, şol bir wagtda hem durmuşyň jogapkärçilikli gapysyndan gadam basýandygyny alamatlandyrýan, ýaşlaryň juwan kalplaryny süýji arzuwlara, ýakymly duýgulara, begençli tolgunmalara besleýän özboluşly baýramdyr.

«Soňky jaňyň» kakylmagy bilen, uçurymlar täze üstünliklere badalga alarlar. Bu gün baýramçylyk mynasybetli tämiz ak harby lybaslaryny geýen harby okuwçylar,  nesip bolsa, ýakyn günlerde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw jaýlarynyň harby talyplary bolarlar. Munuň üçin okuw döwründe umumy orta bilim almak bilen deňlikde, olar nyzam hem-de harby taýýarlyklarda berk taplandylar.

«Milli goşun».