Ýakynlap
gelýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet
gününi ýokary derejede geçirmäge gönükdirilen taýýarlyk işleri, eýýämden, ýurt
derejesinde giň gerim aldy.
Taryhda harby saz gurallary bilen
meşhur bolan halkymyzyň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde-de medeniýetiň
hem-de sungatyň sarpasy belent tutulýar. Harby ulgamda yzygiderli
geçirilýän medeni-köpçülik çärelerini, baýramçylyk mynasybetli guralýan
dabaralary, konsertleri, döredijilik bäsleşiklerini muňa mysal edip görkezip
bolar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet
gününe bagyşlanyp «Arkadag» binasynda, şeýle hem «Magtymguly» seýilgähinde
guralmagy meýilleşdirilýän medeni çäreler hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň
iň ýakyn mysallarydyr. «Magtymguly» seýilgähinde geçiriljek baýramçylyk
dabarasy «Pyragyň arzuwlan zamany geldi» diýlip atlandyrylýar.
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi
serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň aýdymçy, sazandalarynyň
ýerine ýetirýän aýdym-sazlary harby ulgamda medeniýetiň-sungatyň barha
rowaçlanmagyna itergi berýär. Bu orkestr hem-de aýdym-saz topary ýokarda
agzalan iri dabaralarda hem medeni-köpçülik çäresine baýramçylyk ruhuny çaýar. Oňa
gatnaşyjylaryň ruhuna ruh goşar, göwünlerini galkyndyrar.
Hawa, döredijilige sarpa – söze
sarpa. Çünki ähli zadyň, ähli belentlikleriň, çuňluklaryň sakasynda söz
bar. Onuň Alyhezreti söz bar. Söz bolsa türkmen üçin, onuň merdana ogullary
üçin mukaddesdir. Çünki Watanyň gerçek ogullarynyň Kasamy-da söz bilen. Diýmek,
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe
görülýän taýýarlyk medeniýeti, sungaty, sözi ýene bir ýola, has belentden sarpalamaga
görülýän taýýarlykdyr.
«Milli goşun».