Ähli erkek ýetginjekleriň durmuşynda ýatdan
çykmajak duýgulara beslenjek günleriň biri hem harby gulluga gidýän günüdir. Eziz
Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmek üçin harby lybasy geýjek gününe
her bir ýetginjek sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Şol gün her bir maşgala üçin toý
hasaplanylýar.
Ýurdumyzyň polat galkanyna öwrülmeli ýetginjekleriň
harby gulluga ugradylýan gününiň dabaralary ýurt derejesinde hem uludan
tutulýar. Olary uly
ruhubelentlikde ugratmak maksady bilen demir ýol menzillerinde dabaraly çäreler
guralýar. Golaýda şeýle çäreleriň biri Mary welaýatynda hem geçirildi.
Dabarada Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz
toparynyň aýdymçydyr sazandalary göwnüňi galkyndyrýan aýdym-sazlar bilen çykyş
etdiler. Şatlyk-şowhunly geçirilen dabara harby gulluga ugraýan geljekki harby
gullukçylarda ýakymly täsirler galdyrdy. Şunlukda, olar Watan öňündäki mukaddes
borjuna uly ruhubelentlik bilen girişerler.
Harby gulluga çagyryşa degişli
raýatlar harby gulluga ugradylmazdan ozal harby wekilliklerde harby gulluga
höweslendirýän, ýaşlary Watan goragyna hyjuwlandyrýan wideoşekillere tomaşa
edýärler. Şeýle hem olar häzirkizaman sanly lukmançylyk enjamlarynyň kömegi
bilen gutarnykly lukmançylyk barlagyndan geçýärler.
Şonuň ýaly hem demir ýol
menzillerinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda iki ýyl çagyryş
boýunça harby gullugyny geçip, ätiýaja goýberilen esgerleri öý-ojaklaryna
ugradyş dabaralary hem guralýar.
«Milli goşun».