milli goshun logo
Mähirli gutlag
Mähirli gutlag
17.06.2024 215 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä resmi ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň we Birleşen Patyşalygyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga üýtgewsiz taýýardygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyjenaby Karl III-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Birleşen Patyşalygyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.