Düýn –
28-nji fewralda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal geňeşliginiň çäginde
lagym arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Bu dabara welaýat, etrap
häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, ýaşululardyr mährem eneler,
şeýle-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, olary tygşytlamaga ýardam berýän häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de innowasion ylmy-tehnologik işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak, sebitlerde lagym suwuny arassalaýjy desgalary gurdurmak we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen baglanyşykly tagallalar barha rowaçlanýar.
Maglumat hökmünde bellesek, kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr lagym suwuny arassalamaga deň bolan täze desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan ýokary talaplara laýyklykda ýerine ýetirildi.