milli goshun logo
Konstitusiýany kämilleşdirmek bilen bagly maslahat geçirildi
Konstitusiýany kämilleşdirmek bilen bagly maslahat geçirildi
29.02.2020 1198 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde we Konstitusion toparyň birinji mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynda  duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Harby institutynyň mugallymlary, harby talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz kanunçykaryjylyk işini döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygy barada aýdyp, dünýäde bolup geçýän özgertmeleri hem-de köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini ýerine ýetirýän edaralar ulgamyna goşmagy teklip edipdi. Milli Liderimiziň teklipleri ähli halkymyz tarapyndan doly goldawa eýe boldy.

Duşuşykda şu we beýlekiler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Şeýle-de, ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek bilen bagly esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda edilen çykyşlar täsirliligi bilen tapawutlandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

«Milli goşun».