milli goshun logo
Konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti Ýaragly Güýçlerimizde giňden düşündirilýär
Konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti Ýaragly Güýçlerimizde giňden düşündirilýär
23.10.2019 2708 Harby özgertmeler

Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyz şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigini nygtap, iki palataly ulgama geçmegi we Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak boýunça degişli teklipleri işläp taýýarlamagyň zerurdygy hakynda aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň iki palataly Parlament ulgamyna  geçmek baradaky başlangyjy – syýasy-hukuk özgertmeleriň  täze tapgyrynyň alamatlanmasydyr. Maslahatda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beren tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topary döredildi. 2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda bolsa bu Konstitusion toparyň birinji Mejlisi geçirildi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şol Mejlisde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň her bir harby bölüminde Esasy Kanunymyzy täzelemegiň möhüm ähmiýetiniň bardygy dogrusynda harby gullukçylaryň arasynda ýörite sapaklar guralyp, giňden düşündiriş işleri geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Hil taýdan täze iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer. Hukuk ulanyş tejribesinde gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga şert döreder» diýip belleýşi ýaly, iki palataly ulgam Watan goragçylary üçinem öz tekliplerini we pikirlerini erkin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döreder.

Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek, dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmek we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiniň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak babatda öňe süren başlangyçlary döwlet binýadyny pugtalandyrmak baradaky köpugurly tagallalaryň dowamydyr.

«Milli goşun».