09.08.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Kitap okamak bäsleşigi geçirildi
Kitap okamak bäsleşigi geçirildi
15.10.2019 2288 Harby özgertmeler

Ýaşlary kitap okamaga, döredijilik bilen gyzyklandyrmaga çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde kitap okamak bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde harby okuwçylara hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Döwlet guşy» romany hem-de Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestini bir aýyň dowamynda okap, özleşdirmäge hödürlendi.

Bäsleşik harby okuwçylary juda höweslendirdi. Olar iki eseri hem uly gyzyklanma bilen okadylar. 2019-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda harby okuwçylar şol eserlerden düzülen soraglar esasynda elektron test tabşyrdylar. Onuň jemleri boýunça hödürlenen kitaplaryň nähili üns bilen okalandygy anyklanyldy.

– Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Döwlet guşy» romany mende juda uly we ajaýyp täsirleri galdyrdy. Hemme kynçylyklardan mertlerçe geçen eseriň baş gahrymanlary meni has-da hyjuwlandyrdy. Roman bizi çydamly bolmaga, eziz Watanymyzy söýmäge we parahat durmuşymyzyň gadyryny bilmäge çagyrýar – diýip, bäsleşige gatnaşan Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Şageldi Baýlyýew aýtdy.

Bäsleşigiň ýeňijileriniň atlary 2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda okuw jaýynyň nyzam taýýarlyk meýdanynda umumy nyzamda yglan edildi. «Döwlet guşy» romany boýunça geçirilen testde iň ýokary netijeleri görkezenler:

I Wepa Çerkezow (10 synp);

II Şageldi Baýlyýew (11 synp);

III Rahym Garaýew (11 synp).

«Şükür bagşy» powesti boýunça geçirilen testde iň ýokary netijeleri görkezenler:

I Guwanç Akmyradow (11 synp);

II Muhammetsadyk Begjanow (11 synp);

III Arazgeldi Garryýew (11 synp).

Ýeňijiler Hormat hatlary we höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandylar. Işjeň gatnaşygy we öz ýaşdaşlarynyň arasynda ýokary netije görkezen 8-nji synp okuwçysy Kerim Gullarow hem Hormat haty bilen sylaglandy.

Harby okuwçylary kitap okamaga has-da höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde şeýle bäsleşikleri ýygy-ýygydan geçirmek meýilleşdirýär. Häzirki wagtda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Älem içre at gezer» kitabyny okamak boýunça bäsleşik Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň mugallymlary we serkerdeleriniň arasynda hem geçirilýär. Onuň jemleri 2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda jemlener.

«Milli goşun».