«Türkmen alabaý itleri» Halkara assosiasiýasynyň we Fransiýanyň Merkezi kinologiýa jemgyýetiniň wekilleriniň onlaýn-duşuşygy geçirildi, onuň barşynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wideoduşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri fransiýaly hünärmenleri işi türkmen alabaýlarynyň seçgisine, özboluşly bu tohum itlerini saklap galmaga we köpeltmäge, ony dünýä ýaýmaga gönükdirilen birleşigiň gurluşy hem-de alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar.
Fransuz tarapy Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi we köpugurly gatnaşyklara gyzyklanma bildirdi. Şu jähtden iki ýurduň kinologik ulgamynyň hünärmenleriniň özara saparlaryny guramak barada ylalaşyk gazanyldy.