Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
belleýşi ýaly, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we
diwersifikasiýalaşdyrmak işi dünýäde diplomatik taýdan gatnaşmagy giňeltmek,
daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerini üpjün etmek, türkmen raýatlarynyň
kanuny hukuklaryny goramaly bolan ilçihanalarymyzyň hem-de konsullyklarymyzyň
sanyny artdyrmak bilen alnyp barylýar.
Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň
Russiýa Federasiýasynda (Kazan şäheri) Baş konsullygyny açmak hakyndaky» karara
gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrligine
ýakyn wagtda Baş konsuly wezipä bellemek üçin teklip bermegi hem-de halkara
kadalaryna laýyklykda bu edarany açmagyň we onuň işini guramagyň ähli
meseleleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy.