Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Täze ýylyň garşylanýan
ajaýyp pursatlarynda ata Watanymyzyň ýeten derejesini, rowaçlyklara beslenýän
menzillerini wasp edip, täze goşgy döredendigini we ony «Jan Watanym Türkmenistan!»
diýip atlandyrandygyny aýtdy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly maslahat geçirildi.
Onda çykyş edenleriň nygtaýşy
ýaly, Täze ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Jan Watanym
Türkmenistan!» atly eserini döretmegi döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant
goşýan watandaşlarymyzyň, ýurt goragynda sak durýan merdana harby gullukçylaryň
kalbynda beýik döwrümize, jan Watanymyz Türkmenistana buýsanç duýgusyny has-da
belende göterip, zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu eserde Watanyny jandan söýýän her bir türkmeniň,
şol sanda Watan goragçylarynyň Türkmenistan döwletimize egsilmez söýgä ýugrulan
ýürek sözi jemlenendir.
Maslahatyň dowamynda eziz halkymyzy, merdana Watan
goragçylaryny many-mazmunly eserleri bilen begendirýän milli Liderimiziň
janynyň sag, ömrüniň uzak, galamynyň ýiti bolmagy arzuw edildi.
«Milli goşun».