2019-njy ýylyň çagyryş möwsüminiň çäklerinde milli
goşunymyzyň hataryny dolduran ýaş esgerleriň harby kasamy kabul ediş dabaralary
ýurdumyzyň dürli künjeginde üstünlikli geçirilýär.
Harby kasamy kabul eden ýaş esgerler harby durmuşa
uýgunlaşmak döwrüni başdan geçirýärler, täze endikleri özleşdirýärler. Nyzam, söweşjeň,
gumanitar taýýarlyklaryny geçýärler. Goşuna täze gelen, harby gullukçy bolmak
bagtyna eýe bolan esgerler özleriniň ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Raketa goşunlarynyň we artilleriýa müdirliginiň
garamagyndaky harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Atageldi
Myratgeldiýewiç Kulyýew:
– Çagalykda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni
mynasybetli geçirilýän harby ýörişler mende ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýardy.
Her ýyl uly tolgunma bilen bu ägirt uly ýörişe daşyndan seredýärdim. Şu gün men
uly buýsanç bilen Ýaragly Güýçlerimiziň esasy ot açyş güýji bolan artilleriýa
goşunlarynyň lybasyny geýýärin. Şu harby lybasda Baş münberiň öňünden nyzamly
geçmek arzuwymyň hasyl bolmagyna uly ynam edýärin!
Türkmenistanyň Harby-deňiz Güýçleriniň garamagyndaky harby bölümiň çagyryş
boýunça harby gullukçysy, hatarçy Ata Sähedowiç Gaýypow:
– Tolkunlaryň sesi, çäksiz deňiz giňişligi, ajaýyp
görnüş... Köp kişi bu zatlardan diňe zähmet rugsadyna çykanda lezzet alyp
bilýär. Maňa bolsa bu ajaýyplyklar indi iki ýyl boýunça elýeterli bolar.
Harby-deňiz güýçlerinde harby gulluk şular ýaly ençeme estetiki artykmaçlyklary
berýär. Men umumygoşun taýýarlyklarynyň tamamlanyp, gullugymyzy harby gämide
alyp barjak wagtymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn!
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby howa güýçleri we Howa hüjüminden
goranmak goşunlarynyň garamagyndaky harby bölümiň çagyryş boýunça harby
gullukçysy, hatarçy Begençmyrat Amannazarowiç Çaryýew:
– Harby gulluk meniň üçin möhüm durmuş mekdebi
bolup, özümi beden we ruhy taýdan kämilleşdirmäge kömek eder diýip pikir edýärin.
Bizde örän tejiribeli serkerdeler bar. Olar eýýämden maňa köp zatlary
öwretdiler. Bu ýerdäki gulluk meniň bilimimiň üstüni tejribe tarapdan doldurar.
Geljekde ol maňa ýokary derejeli hünärmen bolmaga kömek eder diýip ynanýaryn.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-lukmançylyk müdirliginiň
garamagyndaky harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Bagtyýar
Toýmyradowiç Nazarow:
– Bilimim boýunça men terapewt lukmany. Lukman
hünäri goşunda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Bärde men birnäçe tejribeli
harby lukmanlar bilen tanyşdym. Olardan örän köp zady öwrenip bolýar. Häzir men
gullukdaşlarym bilen harby düzgünnamalary öwrenip, nyzam taýýarlygyny geçýärin.
Ýöne golaýda biz hakyky harby lukmançylyk gullugyna başlarys.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Inžener goşunlarynyň garamagyndaky harby
bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Çaryýar Wepaýewiç Esenow:
– Harby wekillikde meni Inženerçilik goşunlaryna
ibererler diýip çaklaýardym. Şonuň üçin öňünden öz geljekki wezipelerimi
öwrenip başladym. Bu şeýle-de boldy. Söweş meýdanynda bolup geçjek köp zatlar inženerleriň
işi bilen bagly, şonuň üçin goşunda bu wezipe jogapkärli diýlip hasaplanylýar.
Men çaltrak okuwlara başlamaga hem-de ýarym ýyldan kiçi seržant harby adyna eýe
bolmaga howlugýaryn!
«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň çagyryş boýunça harby
gullukçysy, hatarçy Oraz Aşyrowiç Hudaýgulyýew:
– Men çagalykdan göreş bilen meşgullanýaryn.
Birnäçe gezek dürli ýaryşlaryň ýeňijisi boldum. Ýokary beden taýýarlygymy göz
öňüne tutup, meni «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparyna aldylar. Dogrymy
aýtsam, häzir birinji paraşýutly böküşime sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Bu
meniň durmuşymda ýatdan çykmajak pursat bolar. Häzirlikçe, serkerdelerimiz
nazaryýet sapaklaryny okadýarlar, böküşlere ruhy we beden taýdan
taýýarlaýarlar.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Aragatnaşyk goşunlarynyň garamagyndaky
harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Atageldi Ysmailowiç Hydyrow:
– Häzirki wagtda aragatnaşyk ulgamyndaky
hünärmenler örän zerur. Degişli ýokary bilimi alamda, men hemme ýerde ony
peýdalanyp bilerin diýip ynanýardym. Goşunda hem şeýle boldy. Watanymyzyň
öňündäki gulluk borjumy ýerine ýetirip, men şol bir wagtda tehnikanyň dürli
görnüşlerini öwrenerin, hünärim boýunça durmuşymda zerur boljak möhüm tejribe
gazanaryn.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Jaý ulanyş we gurluşyk müdirliginiň
garamagyndaky harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, hatarçy Gaýgysyz
Şanazarowiç Rozyýew:
– Geçen çagyryş möwsüminde maşgala ýagdaýym
sebäpli, harby gulluga çagyryş möhletim yza süýşürildi. Ýarym ýylyň içinde men
gurluşykçy bolup işledim. Bu hünärim boýunça meniň tejribäm ýetik däl. Milli
goşunymyzyň hatarlarynda gurluşykçy hökmünde öz başarnygymy kämilleşdiresim
gelýär. Bärde esgerler möhüm iş tejribesi bilen bir hatarda nazaryýet bilimlerini
hem alýarlar. Şonuň üçin goşun meniň üçin şol bir wagtda bilim edarasy hem
bolar.
«Milli goşun».