Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş
üpjünçilik we tyl müdirliginiň tabynlygyndaky harby bölümlerde azyk gullugyna
degişli tehniki serişdeleriň gurat ýagdaýda saklanylmagyny gazanmak we olary
meýdan şertlerinde ýaýbaňlandyryp, niýetlenişi boýunça ulanmakda şahsy düzümiň
hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň harby bölümleriniň arasynda «Iň gowy meýdan aşhanasy we çörek
kärhanasy» ady bilen bäsleşik yglan edildi.
Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi meýdan
aşhanalarynyň we çörek kärhanalarynyň talabalaýyk saklanmagyny, olara tehniki
idegleriň geçirilmegini gazandyrýar, degişli wezipeli harby gullukçylaryň
hünärine bolan höwesiniň artmagyna getirýär. Iki tapgyrda alnyp barylýan
bäsleşigiň ikinji tapgyry dowam edýär. Bäsleşige gatnaşyjy harby bölümleriň
taýýarlykly gelenligi, Ýaragly Güýçlerimiziň söweşjeň ukyplylygynyň
ýokarylygyndan habar berýär.
Bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen toparlara Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Bäsleşigiň fotosuratlaryny Multimediýa bölüminden görüp bilersiňiz!
«Milli goşun».