milli goshun logo
«Iň gowy harby orkestr»
«Iň gowy harby orkestr»
04.05.2019 2211 Harby özgertmeler

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzümini watançylyk ruhunda terbiýelemek, Ýaragly Güýçlerimiziň harby orkestrleriniň işini kämilleşdirmek, harby sazandalaryň ukyp-başarnyklaryny we ýerine ýetirijilik  ussatlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen «Iň gowy harby orkestr» atly döredijilik, sungat bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik şahsy düzümi harby kasamyna wepaly bolmaga ruhlandyryp, olaryň mertlik, edermenlik ýörelgeleri esasynda terbiýelenmeginde hem-de söweşjeň ruhunyň galkynmagynda möhüm orny eýeleýär.

Bäsleşik 4 şert boýunça geçirilip, olarda harby sungatyň aýdym-saz bilen utgaşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýagny, toparlaryň aýdym-sazdyr şygyrlar bilen goşun görnüşleriniň ýerine ýetirýän wezipelerini wasp etmek, orkestr bilen bilelikde solo çalmak, saz çemenlerini ýerine ýetirmek, toparlaýyn saz bilen bilelikde dürli nyzam emellerini ýerine ýetirmek ýaly şertleri has-da täsirli boldy. Bäsleşigiň jemi boýunça 1-nji orna Aşgabat garnizonynyň harby orkestri, 2-nji orna Türkmenabat garnizonynyň harby orkestri, 3-nji orna bolsa Serdar garnizonynyň harby orkestri mynasyp boldy. 1-nji orna mynasyp bolan Aşgabat garnizonynyň harby orkestri «Iň gowy harby orkestr» diýlip yglan edildi. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

«Milli goşun».