milli goshun logo
I ýyl harby talyplar Bilimler we talyp ýaşlaryň güni mynasybetli dabaralarda
I ýyl harby talyplar Bilimler we talyp ýaşlaryň güni mynasybetli dabaralarda
02.09.2019 2732 Harby Bilim

Şu gün Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Şeýle dabaralar harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerinde hem geçirildi. Biz hem giriş synaglarynda iň ýokary netijeleri görkezip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna kabul edilen I ýyl harby talyplar bilen söhbetdeş bolduk.

Yslam Bekdurdyýew – Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň uçurymy, Harby institutyň I ýyl harby talyby:

– 2015-nji ýylda men Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebe kabul edildim. Bu mekdebi saýlamagym, kakamyň hem harby gullukçy bolmagy bilen bagly. Ol meni ilki bilen harby mekdebe, soňra bolsa Harby instituta girmäge höweslendirdi. Onuň göreldesine eýerip, men öz durmuşumy Harby-howa Güýçleri bilen baglamak isledim we saýlan ýokary okuw mekdebimiň degişli fakultetine okuwa kabul edildim.

Ýöriteleşdirilen harby mekdepdäki okuw sapaklary, nyzam taýýarlyklary meni Harby instituda girmäge ähli tarapdan taýýarlady. Iýul aýynda biz ýörite synagdan geçdik. Harby ýokary okuw jaýyna girmek üçin tabşyrylýan synaglar – bu iň gowularyň gowularyny anyklaýan fiziki we aň taýdan çylşyrymly synaglardyr.

Bilimler we talyp ýaşlar gününe biz uly jogapkärçilik bilen taýýarlyk gördük. Esasy üns nyzam taýýarlygyna gönükdirildi. Çünki biz dabara geljek ene-atalarymyza we ýakynlarymyza mähriban Watanymyza gulluk etmäge, harby durmuş ýoluna gadam basmaga taýýardygymyzy görkezmelidik. Bu şeýle-de boldy...

Şagambar Bazarow – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Soltan Sanjar adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň uçurumy, Harby institutyň I ýyl harby talyby:

Çagalykdan bäri öz durmuşymy harby gulluk bilen baglasym gelýärdi, sebäbi men muňa öz mukaddes borjum hökmünde garaýardym. Enem-atam, ýakynlarym meniň bu pikirimi goldadylar. Şolaryň goldawy esasynda men ilki Ýöriteleşdirilen harby mekdebe, soňra bolsa Harby instituda girmegi başardym.

Şeýle-de meni borçnama boýunça harby gullukçy doganym hem harby gulluga höweslendirdi. Ol maňa goşun barada, harby bölümlerdäki durmuş barada köp gürrüň berýärdi. Onuň berýän gürrüňleri mende harby gulluga bolan oňyn garaýyşlary döretdi.

Bilimler we talyp ýaşlar gününden öň, bäş ýylyň dowamynda biziň täze öýümiz boljak harby ýokary okuw mekdebiniň ähli binalary bilen giňişleýin tanyşdyk. Okuw otaglary bilen tanyşlygyň dowamynda bize ylym-bilim berjek mugallymlarymyz bilen hem tanyşdyk. Olar bize geljekde haýsy hünärler boýunça we nähili okajakdygymyz barada gysgaça gürrüň berdiler.

Eýýäm harby talyplygyň ilkinji günlerinden başlap, Ýöriteleşdirilen harby mekdep bilen Harby institutyň arasyndaky aratapawudy duýýarsyň. Esasy tapawut – harby ýokary okuw mekdebiniň talaplary has ýokary. Indi biziň harby okuwçylar däl-de, harby talyplardygymyzy serkerdelerimiz açyk düşündürdiler.

«Milli goşun».