15-nji iýunda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş
saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Gyzylarbat etrabyndaky «Arkaç» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynyň ýanynda gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň degişli ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar. «Arkaç» daýhan birleşiginiň kärendeçileri doganlar Annaguly we Aşyrguly Annagulyýewler döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyrýan iş saparynyň welaýatyň ýaşaýjylary üçin buýsançly wakadygyny bellediler. Hormatly Prezidentimiz kärendeçileriň haýyşy boýunça «Bismilla» diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýerden bol hasyl öndürýän kärendeçilere sowgatlaryny gowşurdy.