30.10.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hormatly Prezidentimiz täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12.10.2020 110 Habarlar

11-nji oktýabrda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ýurdumyzda köpugurly saglyk düzüminiň üstüni ýetiren lukmançylyk ulgamynyň iri desgalarynyň açylyş dabaralary boldy.

Şanly senä gabat gelen dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Dabaralaryň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine badalga berýändigini bellemek gerek.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň ajaýyp baýramçylyk gününde mähriban halkymyzyň jan saglygyny goramak, abadan durmuşyny üpjün etmek bilen bagly ýene-de iki sany döwrebap lukmançylyk binasynyň – Merkezi Aziýanyň göwher gaşyna öwrülen paýtagtymyzyň iň gözel künjeklerine görk berýän Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi bilen Estetiki merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar durmuşda sagdyn ýaşamagy ugrunda edilýän aladalaryň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Doganlyk Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýasy tarapyndan gurlan bäş gatly döwrebap Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi 130 orundan ybarat. Olaryň 20-si çagalar, 80-si hem uly adamlar üçin niýetlenendir. Onuň galan 30 ornunda bolsa, plastiki dikeldiş hirurgiýasy hem-de güýçlendirilen bejergi bölümleri ýerleşýär.

Estetiki merkezde hem raýatlarymyza gözellik we estetiki taýdan ähli ugurlar boýunça ýokary hilli kosmetologik hyzmatlaryny etmek üçin zerur şertler döredildi.

* * *

Şeýle hem şol gün Aşgabadyň günorta böleginde üsti ýapyk, köp gatly awtoduralganyň açylyş dabarasy boldy. Ol paýtagtymyzda täze açylan Estetiki merkeziniň ýanynda ýerleşýär.