milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda dürli ulgamlardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda dürli ulgamlardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
27.05.2022 1294 Habarlar

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady. Bu ýerde Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz aýdym-saz hem-de tans toparlarynyň ruhubelent çykyşlary bilen mähirli garşylandy.

Daşoguz welaýatyna saparyň çäklerinde, hormatly Prezidentimiz Balkan-Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy hem-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryndaky we maldarçylyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.