13-nji iýunda
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň
taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, gije ýarymdan
agansoň, degişli düzümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada
buýruk berdi.
Milli
goşunymyzyň ähli şahsy düzümleri, söweşjeň uçarlary we dikuçarlar harby
okuw-türgenleşik merkezlerine tarap ýörişi amala aşyrdylar.
Şu gezekki
harby-taktiki türgenleşiklerde Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak
goşunlary, Guryýer goşunlarynyň harby bölümleri, şeýle hem harby we hukuk
goraýjy edaralaryň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary şertli garşydaşy
hem-de döwletimiziň çägine taşlanan diwersion toparlary zyýansyzlandyrmakda we
ýok etmekde öz başarnyklaryny görkezdiler.