milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň birnäçesiniň taslamalary we ýerleşjek ýeri bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň birnäçesiniň taslamalary we ýerleşjek ýeri bilen tanyşdy
12.06.2020 1008 Habarlar

11-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk düzümini kämilleşdirmek, degişli athanany gurmak, gök-bakja ekinlerini, miweçiligi ösdürmek, şeýle hem bu düzümlere degişli dynç alyş - sagaldyş merkezini bina etmek üçin niýetlenen ýerler we degişli taslamalar bilen tanyşdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ozal gurlan we ulanylmaga berlen şeýle desgalar ýaly, täze athana hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny berkitmegiň, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň dürli ugurlar bilen bir hatarda bedewleri seýislemek, at çapmak ýaly hünärleri ele almagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Atçylyk toparynyň harby gullukçylary üçin aýratyn möhümdir.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin gurulmagy meýilleşdirilýän dynç alyş-sagaldyş merkeziniň ýerleşjek ýerleriniň taýýarlanandygy barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, täze merkezde dynç aljaklara hödürlenjek hyzmatlaryň ýokary derejesi üpjün ediler. Onuň ýanaşyk ýerleri häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylar. Şeýle hem binalaryň gurluşygy meýilleşdirilende bu künjegiň tebigy aýratynlyklary nazara alynýar.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen tanşyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň özlerine degişli ýer böleklerinde gök we bakja ekinlerini, ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek baradaky tekliplerini oňlady. Soňra milli Liderimiz ak mermerli Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Döwlet münberiniň ýanyndaky Baş meýdança geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli dabaraly ýörişleriň guralýan künjeginiň abadançylyk derejesine möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna guraljak baýramçylyk çärelerine, aýratyn-da, harby ýörişe häzirki günlerden ykjam taýýarlyk görmek, möhüm syýasy ähmiýeti bolan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmek babatda anyk tabşyryklary berdi.