8-nji fewralda
döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň özboluşly belent
gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluny geçdi. Munuň özi milli jemgyýetimizde
sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýe
we sport bilen meşgullanmak babatdaky nusgalyk göreldesiniň nobatdaky
subutnamasyna öwrüldi.
Halkymyzyň
abadançylygy, onuň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, beden we
ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek baradaky
hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň
başlangyjy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli
sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek boýunça çäreler yzygiderli
guralýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolunyň tutuş dowamynda ýanaşyk çäkleriň abadanlaşdyrylyşyny, şol sanda belent dag gerişlerinden demirgazyga uzaýan giňişlikleri, bu künjekde döredilen tokaý zolaklaryny synlady.