25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz Balkanabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurlan täze metjidiň ýerleşýän ýerine geldi. Şanly senäniň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda şäheriň köçeleridir şaýollary aýratyn öwüşgine eýe boldy.
Ajaýyp metjidi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň gurluşykçylary öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak bilen bina etdiler.
Metjidiň merkezi gümmeziniň depesinde Aýyň altyn çaýylan şekili goýlupdyr. Şeýle hem binagärlik toplumy bezeg sungatynyň özboluşly usullary bilen timarlanan minaralaryň dördüsini öz içine alýar, olar yslam medeniýeti üçin häsiýetli bolan özboluşly bezeg esaslary bilen bezeldi. Metjidiň iki gatly binasynda bir wagtda 3 müň adama namaz okamaga şert döredildi.
Balkanabadyň gözel künjekleriniň birinde gurlan ajaýyp ak mermerli metjit welaýatyň dolandyryş merkeziniň esasy gözellikleriniň birine öwrüldi.