milli goshun logo
Hormat garawulynyň nyzam taýýarlygy
Hormat garawulynyň nyzam taýýarlygy
26.04.2019 4293 Harby özgertmeler

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň beýleki goşun görnüşleriniňkä meňzemeýän, meýilnama boýunça türgenleşigi, nyzam taýýarlygy bar. Ilki bilen olaryň ulanýan ýaraglary bolan SKS karabinleri hakynda durup geçeliň.

SKS karabininiň niýetlenilişi döwlet derejesindäki çäreler, dabaralar, nyzam emelleri üçin bolup durýar. Onuň agramy 4 kilogram, uzynlygy pyçagy ýapyk wagty 1040 mm, pyçagy açyk wagty 1340 mm.

Hormat garawulynyň ýarag emelleri türgenleşiginde 4 kg agramly karabiniň ujuna 500 gr bolan çäge haltajygyny berkidýärler. Munuň özi harby gullukçylaryň elleriniň güýjüni artdyryp, dabara gününde çäge haltajygy aýrylan karabinlere ýeňillik bilen erk etmeklerini gazandyrýar.

Hormat garawulynyň nyzam emellerine ýaraşyk berýän el salgamlaryny dogumlandyrmak üçin bankanyň şekili berlen beton önümleri (500 gr) ulanylýar. Mundan başga-da olaryň ýörişleriniň sazlaşykly, deňhereketli, ädimleriniň dogumly, göni bolmagy üçin aýaklaryna ýörite daňylýan içi çägeli daňy (700-750 gr) bilen türgenleşik işleri geçirilýär.

Şeýle türgenleşikleriň netijesinde aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylarynyň görkezme çykyşlary, nyzam emelleri, ýaragly tilsimleri göze gelüwli we sazlaşykly bolýar.

«Milli goşun».