Harby gullukçylarymyz döwletimiziň hemişelik aladasyna mynasyp jogap bermek bilen, iň täze harby tehnikalara we ýaraglara erk etmegiň ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler. Yzygiderli guralýan harby türgenleşik okuwlary öňdebaryjy söweşjeň tehnikalaryň we ýaraglaryň dürli görnüşlerine erk etmek hem-de dolandyrmak endiklerini kämil ele almaga ýardam berýär.
Dabaraly harby ýörişe gatnaşmak – her bir harby gullukçynyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursat. Ýörişe gatnaşmaga mümkinçilik gazanmak üçin irginsiz taýýarlyk we tutanýerli zähmet gerek.
– Biziň edermen halkymyzyň jebisligini görkezýän, ýurdumyzyň baş baýramçylygynda guralan dabaraly harby ýörişe gatnaşmak – bu meniň baş arzuwym. Dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigine hem-de halkymyza ýatdan çykmajak duýgulary bagyş edendigine men doly ynanýaryn – diýip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen harby ýörişe gatnaşan çagyryş boýunça harby gullukçy habarçymyza aýtdy.
Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!
«Milli goşun».