Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 28
ýyllyk baýramy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Sebäbi – Garaşsyzlyk
ýurdumyzyň şan-şöhraty, milletimiziň milli buýsanjy. Dabaraly harby ýörişiň
guramaçylyk işleri ýurdumyzyň ähli harby gullukçylary üçin mukaddes ýörelgä
öwrüldi. Her ýyl Baş münberiň öňünde harby ýörişi geçirmek ýörelgesi bolsa,
ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýüreginde aýratyn täsir döredýär. Sebäbi
Garaşsyzlygyň gazanylmagy – bu biziň köpasyrlyk taryha eýe bolan edermen
halkymyzyň wysal bolan arzuwy.
Kemsiz taýýarlanylan bu ýöriş ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň goragynda sak duran milli goşunymyzyň hereketleriniň
sazlaşygynyň üsti bilen edermen halkymyzyň bitewüligini we jebisligini
alamatlandyrdy. Şu dabaraly günde Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk
baýramçylygy bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, mähriban halkymyzy we
merdana ýurt goragçylaryny tüýs ýürekden gutlaýarys. Watan goragçylaryna şeýle
ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany
sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara
beslensin!
Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli
geçirilen dabaraly harby ýörişden ajaýyp pursatlar «Multimediýa» bölümimizde.
«Milli goşun».