Şu ýyl – «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş Köpetdagyň etegini bezäp duran täze Döwlet münberinde geçirildi.
Däp bolşy ýaly, bu ýyl hem toý bezegli bedewleriň şaý-sepleriniň şyňňyrdysy giň şaýoly gurşap, dabaraly harby ýörişiň başlanmagyna badalga berdi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň daşyna jebislenen atly gerçekler merdana pederlerimiziň şöhratly harby däplerine pugta eýerip, ruhubelentlik bilen dabaraly harby ýörişe geldiler. Şahsy düzümiň dabaraly harby ýörişe taýýardygy baradaky hasabat kabul edildi.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ähli tarapdan seredeniňde göni çyzygy ýada salýan nyzamy, harby dessury berjaý etjek milli goşunymyzyň ähli görnüşlerini gözden geçirdi. «Belent Serkerdebaşa şöhrat!» sözleri dagyň ýaňyna düşüp, has-da şöhratly owaza öwrüldi. Ýaşyl Tugumyz paraşýutçylar topary tarapyndan howa giňişliginden Döwlet münberiniň meýdançasyna düşürildi. Döwlet baýdagynyň getirilmegi bilen, hormatly Belent Serkerdebaşymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat berdi.
Milli äheňlere ýugrulan, gözüň ýagyny iýip barýan owadan, göze gelüwli täze harby eginbaşly pyýada düzümler, bezemen lybasly atly topar, kämil harby tehnikalar we ýaraglanyşlar, harby uçarlardyr dikuçarlar Döwlet münberiniň meýdançasyndan yzygiderlilikde geçdiler.
Garaşsyzlygymyzyň gadyrly dessury bolan dabaraly harby ýörişiň milli teleýaýlymlarymyz arkaly göni ýaýlymda görkezilmegi ýurdumyzyň ähli raýatlary, şeýle hem doganlyk ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiz üçin ýakymly sowgat boldy.
Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!
«Milli goşun».