milli goshun logo
Harby ylymlara aýgytly ädim
Harby ylymlara aýgytly ädim
12.06.2021 2197 Harby Bilim

Türkmenistanda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni bellenip geçilýär. Ylym  jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýar, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup hyzmat edýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda harby ylym-bilim ulgamy döwür bilen aýakdaş kämilleşýär. Harby gullukçylarymyzyň ýokary hilli bilim almaklary üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertler döredilýär.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlar merkezleriniň, Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde bolsa, Innowasion tehnologiýalar we bilim merkezleriniň hereket etmegi harby ylym-bilimiň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr. Harby gullukçylarymyz ylmyň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ýylyň-ýylyna Ýaş alymlaryň bäsleşiginde, taslama ýaryşlarynda, dürli döredijilik, zehin we ders bäsleşiklerinde uly üstünlikleri gazanýarlar.

Harby ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda oýlap tapylýan täzeçillikler Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatynyň pugtalanmagyna we Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň iş ýüzüne geçirilmegine ýardam berýär.

Ýaňy-ýakynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilendigini hem buýsanç bilen agzamak gerek. Döwletimizde dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny halkymyza elýeterli etmek baş maksatlaryň biri hasaplanylýar, sebäbi biziň ähli ösüşlerimiziň özeni, hamyrmaýasy ylym-bilimdir. Bu bolsa kabul edilen Kanunda berkidilendir.

Harby gullukçylarymyz ylymlar dünýäsinde kemsiz taplanyp, Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini we harby sungatyny mynasyp dowam etdirýärler. Häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna erk etmek başarnygyny kämil derejede ele alýarlar. Olar döwletimiziň berk goraglylygyny üpjün edip, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, eziz Watanymyza wepadarlygyň belent nusgasyny görkezmek bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşine saldamly goşant goşýarlar.

«Milli goşun».