13-nji iýunda
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary
«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada ilkinji
serkerdelik şahsyýetnamalaryny kabul etdiler.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz öz Gutlagynda harby
we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlara diňe
goranyş häsiýetine eýe bolan harby doktrinaly Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň
asudalygyny we abadançylygyny berkitmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam
bildirdi.
Serkerdelik şahsyýetnamalarynyň
gowşurylyş dabarasy aýratyn täsirli boldy. Resminamalary we öz ýokary okuw
jaýlarynyň tapawutlandyryş nyşanlaryny kabul eden ýaş serkerdeler dabaraly
ýagdaýda Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza
wepaly gulluk etjekdiklerine kasam etdiler.
– Meniň üçin
köpden bäri garaşylan bu dabara diýseň tolgundyryjy boldy. Bu gün Tükmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň serkerdesi diýen belent ada mynasyp bolmak üçin biz bäş
ýyllap bilim, akyl, ruhy we beden taýdan yzygiderli kämilleşdik. Şonuň üçin bu
gün durmuşymyzda iň bagtly günleriň biridir – diýip, Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Harby institutynyň uçurymy Şöhrat Akyýew habarçymyza buýsanç
bilen aýtdy.
Serkerdelik şahsyýetnamalaryny
gowşurmak dabarasyndan soňra, Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň şahsy
düzüminiň nyzam tilsimleri boýunça görkezme çykyşlary hem-de harby-watançylyk
temasynda edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.
Dabaranyň
«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilmegi uly terbiýeçilik
ähmiýetine hem eýe boldy. Sebäbi harby uçurymlar – edermen ata-babalarymyzyň
harby däpleriniň mirasdüşerleri, «Halk hakydasy» bolsa – pederlerimiziň
hatyrasyny ebedileşdirýän memorial toplumydyr.
Harby uçurymlar hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň adyna Ýüzlenmme kabul etdiler. Dabaranyň ahyrynda bolsa, ýaş
serkerdeler Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň serkerdeleri
hökmünde ilkinji ädimlerini münberiň öňünden başlaryny belent tutup, deňme-deň
gadam urup, nyzamly geçdiler.
Şeýle çäräniň ýene-de biri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň uçurymlarynyň goýberiliş dabarasydyr. Ol dabara Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütüniniň meýdançasynda şatlyk-şowhuna beslendi.
Has köp suratlary «Multimediýa»
bölümimizden görüp bilersiňiz!
«Milli goşun».