milli goshun logo
Harby tehnologiýada möhüm ädim
Harby tehnologiýada möhüm ädim
09.05.2024 322 Tehnologiýa

Uçarmansyz uçaryň täze nesliniň harby tehnologiýada möhüm ädim bolandygy barada «Army Recognition» neşirinde aýdylýar. «Z-53» dizaýn taýdan nusgawy «Lancet» bilen meňzeşdir. Emma awtomatiki tertipde işläp, nyşanalary özbaşdak kesgitlemäge we seljermäge ukyply dolandyryş ulgamynyň bardygy bilen tapawutlanýar. 45 gradus burçda ýerleşdirilen dört sany uly ganat bilen özboluşlylyga eýedir. Bu dron 5 kilograma çenli agramda bolup, howa gämilerine we raketa artilleriýa hüjümlerinden başlap, sowutly bölümlere çenli dürli ýerüsti nyşanalary aradan aýyrýar. «Zala Aero Group» tarapyndan öndürilýän «Z-53» 2023-nji ýylyň oktýabrynda söweşjeň ulanylyşa goýberildi.