milli goshun logo
Harby talyplygyň bosagasynda
Harby talyplygyň bosagasynda
02.09.2019 2940 Harby Bilim

Ýaşlaryň birnäçesi Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin synaglardan üstünlikli geçdiler. Bu gün bolsa olar harby talyplygyň bosagasynda durlar. Biz hem Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň I ýyl harby talyplary bilen gürrüňdeş bolduk. Biziň bu gezekki söhbetdeşlerimiz çagyryş boýunça harby gullugy tamamlap, harby talyp adyna eýe bolan ýigitler. Olar harby ýokary okuwy näme üçin saýlandyklary barada gürrüň berdiler.

Aýmyrat Durdyjanow – Aýratyn hormat garawuly batalýonynda çagyryş boýunça harby gullugy geçen, Harby institutyň I ýyl harby talyby:

– Men harby hünär almak barada çagyryş boýunça gullugymyň dowamynda pikir edip başladym. Meni serkerdelerimiziň we borçnama boýunça harby gullukçylarymyzyň syraty, olaryň dogumlylygy täsin galdyrdy. Olar bizi örän gowy taýýarladylar, hemme bilýän we başarýan zatlaryny öwretdiler.

Harby gullugymy geçen döwrümde gözel paýtagtymyzyň ajaýyp binalarynyň öňünde hormat garawulyny sakladym. Şol günlerde men watandaşlarymyzyň hoşallyklaryny duýdum. Olaryň ädim uruşumyza, ýaraga erk edişimize, harby lybasymyza geň galmaklary harby gullukçylaryň il arasyndaky hormatynyň beýikdigine düşünmäge ýardam berdi.

Harby instituty gutaranymdan soň, men çagyryş boýunça gulluk eden harby bölümime dolanasym gelýär. Maňa görelde bolup harby hünäri saýlamaga ýardam beren serkerdeler bilen bile deňlikde işlemek meniň üçin uly bagtdyr.

Berdimyrat Agabaýew – Mary garnizonynyň harby bölümleriniň birinde çagyryş boýunça gullugyny geçen, Harby institutyň I ýyl harby talyby:

– Harby hünäre meni öz jigim höweslendirdi. Ol 14 ýaşy dolanda Ýöriteleşdirilen harby mekdebe kabul edildi. Jigim harby mekdebini tamamlandan soň, Harby instituta okuwa girdi. Bu bolsa meni Watanymyza gulluk etmäge ruhlandyrdy.

Men hem şu ýyl Milli goşunymyzyň hatarynda çagyryş boýunça harby gullugymy tamamlap, Harby instituta resminamalarymy tabşyrmagy makul bildim. Harby talyp bolmak üçin men fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy we beden taýýarlyk dersleri boýunça synaglardan ýokary baha bilen geçdim. Beden taýýarlygy boýunça synaglar meniň üçin kyn bolmady, sebäbi çagyryş boýunça harby gullugymyň dowamynda men ýeterlik derejede öz bedenimi tapladym.

Biziň bir ýokary okuw mekdebinde okajakdygymyz ene-atamyzy diýseň begendirdi. Olar iki oglunyň hem Watan goragçysy boljakdygyna buýsanýarlar.

Men harby gulluga gelmänkäm, raýat ýokary okuw mekdebine synanyşmak barada hem pikir etdim. Emma gulluk döwründe harby durmuşy saýlamaly diýen pikire geldim. Çünki harby talyplar diňe bilim tarapdan däl, eýsem beden we ruhy taýdan özlerini kämilleşdirýärler.

«Milli goşun».