Ýakynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň ýokary okuw jaýlarynyň harby talyplarynyň uçurymy dabaraly
ýagdaýda geçirildi. Olar ýene-de sanalgyja günlerden ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň dürli harby bölümlerinde serkerdelik wezipelerini ýerine
ýetirerler. Tamamlanan
okuw ýyly Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň harby
talyplary üçin hem şowly boldy. Institutyň talyplarynyň gazanan üstünlikleri
barada Okuw-usulyýet bölüminiň başlygy, podpolkownik Annagurban Orazow habarçymyza
şeýle gürrüň berdi.
– Hakykatdan-da, geçen 2018-2019-nji
okuw ýylynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary
ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlarynyň arasynda geçirilen umumymilli
köpçülikleýin we ylym-bilim bäsleşiklerinde 19 gezek baýrakly orunlara mynasyp
boldular. Bu bolsa geçen okuw ýyly bilen deňeşdireniňde, 8 utuk köpdür.
Harby institutymyz bu görkeziji boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň
ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birinji, ählisiniň arasynda bolsa öňdäki
orunlary eýeleýär.
Şeýle üstünliklere Harby institutyň
mugallymlary hem gatnaşýar. Muňa mysal edip, ýakynda ýurt derejesinde geçirilen
«Ýylyň mugallymy – 2019» atly bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolan Harby
institutyň mugallymy, kapitan Döwran Abdyrasulowy görkezmek bolar. Aýratyn
belläp geçmeli bolsak, ýaş mugallym ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň
dosentleriniň we ylymlaryň kandidatlarynyň arasynda mynasyp orna eýe boldy.
Bu barada gürrüň edilende Harby
institutyň mugallymlary özleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça
ýokary serkerdeleri düzümini taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynda
dürli hünärler boýunça kämilleşdiriş okuwlaryny geçip bilýändiklerini
bellemelidir.
Institutymyzyň üstünlikleri – hormatly
Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan tassyklanan Sanly bilim ulgamyny
kämilleşdirmek boýunça konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň
netijesidir. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda biziň ýurdumyzda bilim
ulgamyny işjeň ösdürip, ýokary bilimli watançy nesli ýetişdirmek üçin ähli
şertler döredilendir – diýip, podpolkownik Annagurban Orazow sözüni jemledi.
«Milli goşun».