Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby
institutynyň harby talyplarynyň 20-si Türkmenistanyň Bilim ministrligi
tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen döwlet ders bäsleşiginde
üstünlik gazandylar. Olardan
8-si birinji ýere, 4-si ikinji ýere, 8-si üçünji ýere mynasyp boldular. Şunuň
bilen birlikde ylym ugurlary boýunça geljekki Watan goragçylary toparlaýyn
ýeňişleriň dördüsini gazandylar.
Onuň barşynda harby talyplarymyz
iňlis dili, edebiýat, rus dili, Türkmenistanyň taryhy, fizika, nazaryýet
mehanika, ýokary matematika, ekologiýa we başga derslerden öz bilimlerini
görkezdiler.
Harby talyplarymyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň arasynda geçirilen döwlet ders bäsleşiginde ýeňiji bolmaklary –
ýurdumyzda harby bilimiň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň subutnamasy bolup
durýar.
«Milli goşun».