Milli goşunymyzyň harby bölümleriniň harby
psihologlary 2019-njy ýylyň güýzki çagyryş möwsüminiň dowamynda harby gulluga
çagyrylan we Ýaragly Güýçlerimize täze alnan esgerleri psihologik testlerinden
geçirýärler. Şular ýaly çäreler ýaş esgerleriň hakyky ukyp-başarnyklaryny ýüze
çykarmaga we olary harby hünärler boýunça işe bellemäge kömek edýär.
Psihologiki seljeriş täze gelen esgerleriň harby
gulluga uly höwes bilen gelendiklerini görkezdi. Harby psihologlar testleri iň kämil usullar arkaly
amala aşyrýarlar. Olar esgerlere test geçirmek bilen çäklenmän, olar bilen ýörite
gepleşikleri geçirýärler we olaryň dürli şertlerde özlerini alyp baryşlaryna
syn edýärler.
Iň täze psihologik usullaryň ulanylmagy hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjy esasynda geçirilýän harby reformanyň iş
ýüzünde amala aşyrylýandygynyň we harby gullukçylar üçin amatly gulluk şertleriniň
döredilýändiginiň subutnamasydyr.
«Milli goşun».