Ýeňiş ýörişindäki görkezilen
geçmişiň unudylmajak pursatlary kalbyňy lerzana getirse, onda ýaňlanan aýdymlar
ýakymly täsirleri galdyrýar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli»
harby orkestriniň ýerine ýetirmegindäki geçmişiň sazlary tomaşaçylara hem ýakymly
duýgulary sowgat etdi.
«Ýeňiş güni», «Katýuşa», «Baky
polk», «Mukaddes söweş» ýaly meşhur orkestr sazlarynyň ajaýyp nusgalary sende
ýakymly täsirleri galdyrýar. Uruş we tyl weteranlarymyzyň amala aşyran
edermenliklerine hoşallygyň nyşany bolan gözýaşlar gözlerimize dolýar.
Dabaraly harby ýörişiň her bir
aýratyn pursaty özboluşly mukamlara beslendi. Uruş ýyllarynda bu mukamlar
merdana pederlerimizi edermenliklere ruhlandyrypdyr. Şol ýyllar meşhur sazlar
frontda söweşen esgerlerden düzülen kiçiräk orkestrler tarapyndan ýerine
ýetirilipdir. 9-njy maýda Aşgabatda geçirilen harby ýörişde bolsa, milli
goşunymyzyň «Göreldeli» harby orkestri tomaşaçylara iň bir ýakymly duýgulary sowgat
berdi.
«Milli goşun».