milli goshun logo
Harby okuwçylar – ýagty geljegimiziň kepili
Harby okuwçylar – ýagty geljegimiziň kepili
02.09.2019 3425 Harby Bilim

Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem täze okuw ýylynyň başlanmagy — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli taýýarlyk işleri ýokary derejede guraldy. 2019-2020-nji okuw ýylynda bu harby mekdebe geljekde mukaddes käriň eýesi bolmaly ýaşlaryň ýene-de ençemesi kabul edildi. Olar ilkinji nobatda, öz okajak harby okuw mekdepleriniň içki tertip-düzgünleri, ýaşaýyş şertleri bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Kabul edilen ýetginjekleriň ata-eneleriniň hem harby mekdebiň okuw-ýaşaýyş şertleri bilen gyzyklanyp, öz perzentleriniň amatly hem-de döwrebap şertler bilen doly üpjün edilen binalarda bilim-terbiýe aljakdyklaryna şaýat bolmaklary has-da guwandyryjydyr.

Ýaşajyk harby okuwçylaryň  Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralan baýramçylyk dabarasynda nyzam meýdançasyndan buýsanç bilen nyzamly ýöräp geçmekleri dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Geljegiň ýaşajyk serkerdeleriniň gözlerinde uçganaklaýan şatlyk alamatlary, eginlerindäki ak harby okuwçy lybaslary olary has hem göze gelüwli we dogumly görkezýär. Bu ýagdaý halkymyzda Watan mukaddesliginiň kiçilikden çaganyň aňyna guýulýanlygynyň subutnamasydyr. Hut şonuň üçinem ýaşajyk harby okuwçylaryň ýaňy gadam basan harby ugurlaryna bolan hoşallygyny olaryň ýüzlerinden görmek bolýar. Bu bolsa örän buýsandyryjy we guwandyryjy ýagdaýdyr.

Watan goragyna höwesli ýaşlarymyz — bagtly geljegimiziň badalgasy. Çünki bagtyýar geljegimiz üçin okamak, öwrenmek, Watana ak ýürekden gulluk etmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

«Milli goşun».