Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Altyn
asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bäsleşige
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň
zehinli ýokary synp harby okuwçylary işjeňlik bilen gatnaşýarlar. Olar özleriniň
bilim derejesini has-da kämilleşdirmäge, deň-duşlary bilen matematika, taryh,
türkmen dili we edebiýaty, geografiýa ýaly 10-dan gowrak mekdep dersleri
boýunça zehinlerini synamaga mümkinçilik aldylar.
Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik her ýyl geçirilip, okuwçylaryň
ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär. Onda zehinli okuwçylar dürli dersler
boýunça bäsleşýärler.
Harby endikleri kämilleşdirmek bilen birlikde, bilimleriň
esaslaryny düýpli öwrenýän harby okuwçylar bäsleşigiň etrap tapgyrynda has
tapawutlanyp çykyş etdiler. Diňe bir Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby
okuwçylary 16 sany ýeňişli orunlary, ýagny 8 sany birinji, 4 sany ikinji we 4
sany üçünji ýerleri eýelediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine geljekki tapgyrlarda
hem üstünlikli çykyş etmeklerini arzuw edýäris.
«Milli goşun».