Şu gün ýurdumyzyň günbatar sebitinde
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň
harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunymyzyň söweşjeň
taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw-meýdan
türgenleşigi geçirildi. Harby okuw-meýdan türgenleşigi turuwbaşdan mertlige,
batyrlyga ýugrulandygy bilen tapawutlandy. Harby okuw-meýdan türgenleşiginde
öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin Guryýer goşunlary, Harby-howa güýçleri we
howa hüjüminden goranmak goşunlary, Harby-deňiz güýçleri söweşjeň taýýarlygyň
ýokary derejesini görkezdiler.
Bu gezekki harby okuw-meýdan türgenleşigi Milli Liderimiziň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şahsy göreldelerine mynasyp eýerýän harby gullukçylaryň häzirki zaman tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edýändiklerini we olaryň hünär taýdan kämilleşýändiklerini ýene bir ýola subut etdi.