Mälim bolşy
ýaly, 8-nji iýulda biziň ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden
okuw resminamalaryny kabul ediş möwsümi başlandy. Ýokary okuwlaryň biri
hökmünde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetini görkezmek bolar.
Ýaş oglanlaryň
ýüzlerçesi «Harby lukmançylyk» hünär ugruna gyzyklanma bildirip, uly höwes bilen
lukmançylyk ýokary okuw mekdebine resminamalaryny tabşyrýarlar. Bu fakultetde
bilim almak bilen olar «Bejeriş-öňüni alyş işi» hem-de «Arassaçylyk we
keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi» hünärlerini ele alyp bilerler. Mundan
başga-da olar hökmany suratda daşary ýurt dillerini (iňlis dili, nemes dili,
rus dili) öwrenýärler we soňky döwrebap lukmançylyk enjamlarynda netijeli
işlemegiň inçe syrlaryny ele alýarlar.
Biologiýa,
himiýa we Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça synaglardan daşary, geljekki
lukman-harby talyplary 100 metr hem-de 3 kilometrlik ylgaw we göwräňi çekmek
ýaly beden taýýarlygy boýunça möçbernamalary tabşyrmaly.
Myrat Garryýew
adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine 2019-njy ýylyň 21-nji
iýulyna çenli okuwa girmek üçin resminamalary tabşyryp bolar. Synaglardan
üstünlikli geçen harby talyplar Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan
harby talyplar üçin bellenen möçberde gündelik we meýdan eginbaşlar hem-de
durmuş serişdeleriniň, goş emläkleriniň degişli görnüşleri, okuw döwründe
iýmit, talyp haky, eginbaş, umumyýaşaýyş jaýy, şeýle hem durmuş serişdeleriniň
ähli görnüşleri bilen Türkmenistanyň Kanunçylygyna laýyklykda üpjün ediler.
«Milli goşun».