milli goshun logo
Harby lukman talyplar goşun täliminde
Harby lukman talyplar goşun täliminde
17.07.2019 3736 Harby Bilim

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly başlangyçlary esasynda döredilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetinde bilim alýan harby talyplar Ýaragly Güýçlerimiziň harby hassahanalarynda, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gulluklarynda hem-de harby bölümleriň lukmançylyk nokatlarynda goşun täliminde bolup, harby lukmançylygyň amaly endiklerini kämilleşdirýärler. Goşun täliminde bolýan harby lukmançylyk fakultetiniň talyplary özleriniň nazaryýetde alan bilimlerini amaly-önümçilik tejribelerinde berkitmek bilen, ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, kämil we öz hünär ugurlary boýunça ussat harby lukmanlar bolup ýetişýärler. Goşun täliminiň esasy maksady, geljekki harby lukmanlaryň amaly endikleri özbaşdak ele almaklaryndan hem-de olary çuňňur we doly özleşdirmeklerinden ybaratdyr. Şeýle okuw-önümçilik tejribelerihünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmagy hem-de dünýäde soňky gazanylan innowasiýa bejeriş-anyklaýyş tehnologiýalary bilen üpjün edilen enjamlary takyk ulanmagyň nazary we amaly usullarynyň harby talyplara öwredilmegini öz içine alýar.

Hakyky şertlerde harby talyplar özleriniň amaly endiklerini işjeňleşdirmek bilen, goşun täliminde, ýagny harby hassahanalarda, lukmançylyk nokatlarynda näsagyň ýüz tutýan döwründen başlap, onuň keselini takyk we döwrebap enjamlary ulanmak arkaly kesgitleýärler. Döwrebap mümkinçilikleri bolan lukmançylyk nokatlarynda dürli usullar arkaly harby talyplaryň lukmançylyk tejribeleri geçmekleri, olaryň amaly endiklerini has-da kämilleşdirýär. Ýene bir aýratyn bellenilmeli zat, ol hem, goşun täliminde bolýan harby lukmançylyk fakultetiniň harby talyplaryna Ýaragly Güýçlerimiziň lukmançylyk binýatlarynda zähmet çekýän tejribeli we ýokary taýýarlykly harby lukmanlaryň halypa hökmünde berkidilmegi, olaryň okuw-önümçiliginde lukmançylygyň häzirki zaman innowasiýalara esaslanýan tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk barlaghana enjamlaryny çuňňur özleşdirmeklerine mümkinçilik döredýär.

Goý, Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki at-abraýyny belende götermekde, halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde irginsiz tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gadam TEKEÝEW,

Myrat Garryýew adyndaky

TDLU-nyň harby lukmançylyk fakultetiniň mugallymy,

lukmançylyk gullugynyň maýory.