Şu günler hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň degişli Permanyna laýyklaykda Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçlerine we beýleki goşun görnüşlerine kabul edilen ýaş esgerler mukaddes
harby kasamy kabul edýärler. Muňa bagyşlanan çäreleriň biri ýakynda,
paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Konstitusiýa binasynyň öňünde dabaraly ýagdaýda
geçirildi. Bu bize Watan goragçylarynyň halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň
kepili hökmünde çykyş edýän konstitusion gurluşynyň mizemez daýanjydygyny nobatdaky
gezek ýatlatdy.
– Harby kasam
kabul etmek – islendik erkek adamyň durmuşynda iň möhüm waka. Şol sebäpden,
ýurduň Esasy Kanunynyň hormatyna dikeldilen binanyň öňünde şu harby
däp-dessuryň geçirilmegine gatnaşmak – biz üçin diýseň uly bagt. Bu ýerde biz
Watanymyzy gorajakdygymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent
Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdimize kasam etdik – diýip, guryýer
goşunlarynyň ýaş esgeri Azat Rahmanow habarçymyza gürrüň berdi.
Bu harby
däp-dessura gatnaşmazdan ozal, goşuna täze gelen esgerler başlangyç harby
taýýarlygy geçdiler. Munuň netijesinde dabara ýatdan çykmajak täsirlere beslendi.
Täze harby lybasly ýigitler sazlaşykly, nyzamly hereketleri bilen dabara
gatnaşan myhmanlarda täsir galdyrdylar.
Esgerleri
möhüm waka bilen gutlamak üçin diňe ýakyn garyndaşlary däl, eýsem il sylagly ýaşulular
hem ýygnandy. Olar ýaşlara ýüzlenip, Harby doktrinasy diňe goranyş häsiýetli, Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistanyň bähbidine mynasyp gulluk etmäge çagyrdylar.
Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizde görüp
bilersiňiz!
«Milli goşun».