09.04.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Harby institutyň harby talyby – internet döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi
Harby institutyň harby talyby – internet döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi
18.03.2020 328 Harby Durmuş

17-nji martda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan www.yashlar.gov.tm resmi web sahypasynda «Mirasym bar  sarpam bar» atly internet döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşikde ikinji baýrakly orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Döwletgeldi Ilgeldiýew mynasyp boldy.

Bäsleşige işjeň gatnaşandyklary üçin Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy, kapitan Döwran Abdyrasulow, şeýle hem harby talyp Kerim Baýgeldiýew gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň ilkinji şertine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar watançylyk ýa-da millilik temalary boýunça döredijilik eserini (makala, goşgy, hekaýa, tymsal) taýýarlap, ony emin-agzalaryň garamagyna hödürlediler. Bäsleşigiň ikinji şertine görä, bäsdeşler Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň web sahypasynda ýerleşdirilen üç sany suraty öz sosial torlarynda paýlaşdylar.

Ýaşlar guramasynyň bu döredijilik bäsleşigi ýaşlaryň milli däp-dessurlarymyza bolan hormatyny artdyrmak, ýaş zehinlileri ýüze çykarmak we olary döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmak maksady bilen geçirildi. Harby institutyň wekilleriniň bu bäsleşikde baýrakly orny eýelemegi we işjeň gatnaşmaklary ýurdumyzda esasy üns merkezinde durýan harby bilimiň ýokary derejededigini nobatdaky gezek subut etdi.

«Milli goşun».