25.01.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Harby institutdan ders bäsleşiginde ýeňiş gazanan harby talyplara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy
Harby institutdan ders bäsleşiginde ýeňiş gazanan harby talyplara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy
13.01.2020 113 Harby Bilim

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen döwlet ders bäsleşiginde üstünlik gazanan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň ýigrimi sany harby talyplaryna hem-de olaryň mugallymlaryna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Ministrligiň garamagyndaky ýokary harby okuw mekdebi bu ders bäsleşiginde öňdebaryjylaryň arasyna girip, toparlaýyn 4-nji ýere mynasyp boldy. Harby talyplarymyzyň nobatdaky ýeňişi Türkmenistanyň ýokary harby okuw mekdeplerinde çuňňur ylymly-bilimli Watan goragçylarynyň taýýarlanýandygyny aýdyň subut etdi. Olaryň yhlaslary we zähmetsöýerligi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň goranyş ukyplylygyna mynasyp goşant goşar.

Ders bäsleşiginde harby talyplarymyzyň 8-si birinji ýere, 4-si ikinji ýere, 8-si üçünji ýere mynasyp boldular. Şunuň bilen birlikde harby talyplar ders ugurlary boýunça toparlaýyn ýeňişleriň dördüsini gazandylar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby instituty geljekki serkerdeleriň bilimlerini özleşdirmek üçin döwrebap mümkinçilikleri döredýär. Şeýlelik bilen bu okuw mekdebinde aň, beden we ruhy taýdan kämilleşmek üçin ähli şertler bar.

«Milli goşun».