13-nji iýun. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy soňky döwürde Milli goşunmyza gelip gowşan döwrebap harby-howa hem-de ýörite tehnikalaryň nusgalary bilen tanyşdyryldy. Harby tälimde Harby-howa Güýçleriniň uçarmanlary tarapyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan ýeňil zabt ediji uçaryň söweşjeň aýratynlyklary görkezildi. Ol daglyk şertlerde uçuş emellerini ýerine ýetirmek bilen, görkezme aňtaw uçuşlaryny amala aşyrdy. Bu uçaryň söweşjeň aýratynlyklary daglyk we çöllük ýerlerde bikanun ýaraglanan, ýeňil sowutlanan tehnikalar bilen hereket edýän toparlary ýok edýär. Söweş hereketleriň dowamynda ýa-da serhet ýakalarynda howadan gözegçilik we aňtaw işlerini amala aşyrýar. Şeýle hem Harby-howa güýçleri üçin uçarmanlary taýýarlamakda ähmiýeti uludyr. Asmanda harby uçar dürli öwrümleri – erkin peselmek, halka, aýlaw, dikleýin uçmak ýaly tilsimleri ýerine ýetirdi.
Mahlasy bu söweşjeň uçar Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň öňünde goýlan söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmekde we ýurdumyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň asman giňişligini goramakda örän uly ähmiýeti bolan zabt ediji uçarlaryň biridir.
Howa hüjümi amala aşyrylanda...
Ýaragly Güýçleriň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen geçirilýän okuw-türgenleşiginde Harby-howa Güýçlerimiziň düzümi çylşyrymly öwrümleri görkezdi.
Ep-esli meýdany tutýan okuw türgenleşik merkeziniň dürli ýerlerinde «garşydaşyň» her hili obýektlerini alamatlandyrýan nyşanlar goýlupdyr. Dürli taktikalardan peýdalanyp, Harby-howa Güýçleriniň uçarmanlary olary örän çalasynlyk we ýokary takyklyk bilen hatardan çykardylar. Uçarmanlar bu tilsimleri «Mig-29», «SU-25», «Mi-24» we başga kysymly howa tehnikalarynda geçirdiler.
Az salymyň içinde görkezilen nyşanalarynyň ählisini ýok edip, Harby-howa Güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary öz çalasynlygyny görkezdi. Olaryň asmanda bolan her sekundy – ýatdan çykmajak pursatlaryň biridir.
Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!
«Milli goşun».