29.09.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
HARBY GULLUKÇYLARYŇ ÜPJÜNÇILIGI UGRUNDA
HARBY GULLUKÇYLARYŇ ÜPJÜNÇILIGI UGRUNDA
21.08.2022 182 Harby özgertmeler

Hojalyk müdiriýetinde öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerini zerur azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär hem-de olar ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar. Mundan başga-da, bu ýerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullary öwrenilýär, olaryň görnüşlerini artdyrmak, ekerançylyk meýdanlaryny giňeltmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň döredilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, harby gullukçylaryň Diýarymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna mynasyp goşant goşmagyna ýardam edýär. Degişli çäklerde ösdürilip ýetişdirilýän miweli we saýaly agaçlar amatly howa gurşawynyň emele gelmegine mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetine degişli ýer bölekleri bolup, olarda gök, bakja ekinleri, ir-iýmişli baglar ösdürilip ýetişdirilýär. Ajaýyp tebigatymyzyň gözel künjeklerinde, sahawatly türkmen topragynda, çeşme-çaýlaryň akabalarynyň ugurlarynda dürli görnüşli miweli agaçlar ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerleriň ekerançylyk we ir-iýmişli baglary ösdürmek üçin aýratyn ýaramlydygy ylmy taýdan esaslandyryldy. Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman ylmy bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen Hojalyk müdiriýetine degişi ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ter miwe önümlerinden dürli mürepbeleriň, miweli içgileriň taýýarlanyp, olaryň harby gullukçylara berilýän tagamlaryň sanawyna girizilýändigini bellemek gerek. Bu işler ýaş esgerleriň ene topraga söýgüsini artdyrýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetine degişli ammarlar hem-de sowadyjylar bolup, olaryň netijeli peýdalanylmagy tutuş ýylyň dowamynda ter gök we miwe önümleri bilen üpjünçiligiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.