milli goshun logo
HARBY GULLUKÇYLARYŇ BAÝRAMÇYLYK SOWGATLARY
HARBY GULLUKÇYLARYŇ BAÝRAMÇYLYK SOWGATLARY
27.09.2022 1941 Harby özgertmeler

Dabaraly harby ýöriş harby gullukçylaryň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary bilen jemlendi. Ilki bilen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary sazlaşykly nyzam tilsimlerini ýerine ýetirdiler. Olaryň birbada we takyk ýerine ýetirýän hereketleri, çylşyrymly emelleri bataolýonyň harby gullukçylarynyň ussatlygyndan we ýokary taýýarlygyndan habar berýär. Olar sazlaşykly hereket edip, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Garaşsyzlyk binasynyň şekilini emele getirdiler. Bu şekil harby gullukçylaryň baş baýramçylygymyza bolan buýsanjynyň we guwanjynyň alamatyna öwrüldi. Olar meýdançadan geçip barýan pursatlary hem XXXI ýazgyny emele getirdiler. Bu bolsa olaryň çykyşlarynyň özüne çekijiligini artdyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde şirin owazlar ýaňlandy. Harby gullukçylar şowhun bilen milli sazlary ýerine ýetirdiler. Munuň özi halkymyzyň hemişe milli medeniýetimize wepalydygyny we ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Birleşen harby orkestriň ýerine ýetiren jemleýji «Arkadagly Serdar geldi» atly aýdymy bolsa döwletimize, döwrümize, şu günümize, hormatly Belent Serkerdebaşymyza buýsanjyň owazy bolup ýaňlandy.

 Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!

«Milli goşun»